Aşgabatda türkmen maýa goýum forumy geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda türkmen maýa goýum forumy geçirilýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylyň mart aýynda döredildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi halkara maýa goýum forumyny gurnaýar.

Birleşmäniň döredilmeginiň 12 ýyllygy, şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forum 17-18-nji martda myhmanlara gapysyny açýar.

“Türkmen maýa goýum forumy 2020” diýlip atlandyrylýan forum ulag we logistika, syýahatçylyk, agrosenagat we senagat ugurlary boýunça bölümçelere bölüner. Bölümçelerde bu ugurlardaky döwlet we hususy pudagyň hyzmatdaşlyklary barada pikir alşylar.

Forumyň çäklerinde türkmen hususy pudagynyň häzirki günlere çenli gazananlaryny görkezýän sergi we bazar guralar. Sergä we foruma gatnaşmaga isleg bildirýän telekeçiler häzirki günlerde maslahatyň resmi saýtynda hasaba alynýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredileninden bäri ýurtda 6 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýdy. Bu döwürde Birleşmä agza bolan 23.5 müň hususyýetçi tarapyndan 2,265 taslama amala aşyryldy.

2022