Türkmen ýaşlary awtoulaglara hyzmat edýän hususy kärhanalary açmaga isleg bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ýaşlary awtoulaglara hyzmat edýän hususy kärhanalary açmaga isleg bildirýär
Türkmen ýaşlary awtoulaglara hyzmat ediş hususy kärhanalaryny açmaklyga gyzyklanma bildirýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Köpetdag-Lada” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýöriteleşdirilen awtoulag merkezinde bilim alýan ýaşlar özleriniň awtoulaglara hyzmat ediş hususy kärhanalaryny açmaklygy maksat edinýär diýip, “Biznes Reklama” gazeti habar berýär.

“Köpetdag-Lada” awtoulag merkezinde gysga möhletli okuwlar guralyp, awtoulaglary abatlamak we birnäçe başga-da hünärler boýunça sapaklar geçilýär. Bu ýerde hünär alan ýaşlar ýurtda alnyp barylýan gurluşyklarda, önümçiliklerde tokar, motorabatlaýjy, gaz bilen kebşirleýji, ekskowatoryň, awtogidro göterijiniň, dürli ýükleýjileriň maşinistleri ýaly hünärlerde zähmet çekýär.

Okuw merkezinde ýaşlar awtoelektrik, awtoulag reňkleýji, awtoulaglary abatlaýjy ussa, kuzowçy ýaly hünärlere has-da uly isleg bildirýär. Sapaklarda ýaşlara döwrebap hünär bermek üçin interaktiw usullar ulanylyp, dünýä tejribesiniň täze gazananlary hem meýilnamalara yzygiderli ornaşdyrylyp durulýar.

“Köpetdag-Lada” AGPJ-de ýöriteleşdirilen awtoulag merkeziniň bolmagy, bu ýerde awtoulaglary abatlamak boýunça bilim alýan ýaşlara önümçilikde tejribelik geçmeklige-de amatly mümkinçilik döredýär.

2022