Türkmenistanda elektron resminama diýen düşünje we kanunçylygy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda elektron resminama diýen düşünje we kanunçylygy
Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, elektron resminama islendik aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen iberilip bilner.

Türkmenistanyň “Elektron resminama hakynda” kanunynyň maksatlarynda elektron resminama diýlip, maşyn göterijide ýazyp bellenilen, gol çekmegi döretmegiň düzgünine laýyklykda elektron san ýazgyly çekilen gol arkaly tassyklanylan maglumata düşünilýär.

Elektron resminama hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Elektron resminama hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, Türkmenistanyň “Elektron resminama hakynda” kanunyndan we Türkmenistanyň şoňa laýyklykda çykarylan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň “Elektron resminama hakynda” kanunynyň hereket edýän çygry

Türkmenistanyň çäginde elektron resminamalaryny döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak, bermek we kabul etmek bilen meşgullanan jismi we düzgünnamaly şahslara degişlidir.

Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdirişi

Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdiriş işi Türkmenistanyň Ministrler kabineti we öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdiriş işi şulara gönükdirilendir:

  • elektron resminamalar ulanylýan çygyrda bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge;
  • elektron resminamalary peýdalanyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge;
  • elektron resminamalary döretmegiň, işläp taýýarlamagyň, saklamagyň, bermegiň we kabul etmegiň tehnologiýasyny hukuk taýdan üpjün etmäge;
  • elektron resminamalary peýdalanmak bilen ygtybarly we howpsuz töleg ulgamyny döretmäge we ösdürmäge;
  • maglumatlar döredilende, işlenilip taýýarlanylanda, saklanylanda, berlende we kabul edilende olaryň howpsuzlygyny we goralyşyny üpjün etmäge.

Elektron resminama bildirilýän esasy talaplar

Elektron resminama şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

  • maksatnamalaýyn we tehniki serişdeleriň kömegi bilen döredilmäge, işlenilip taýýarlanylmaga, saklanylmaga, berilmäge we kabul edilmäge;
  • onuň hakykydygyny we bütewidigini tassyklamaga mümkinçilik berýän hökmany maglumatlaryň bolmagyna;
  • adamyň akyl ýetirmegi üçin düşnükli görnüşde görkezilen (şekillendirilen) bolmagy.
  • elektron resminamanyň bellenilen ölçege laýyk bolmalydygy hakyndaky talaplar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilip bilner.

Elektron resminamanyň peýdalanylyşy

Elektron resminama maglumatlary döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak, bermek we kabul etmek üçin elektron enjamlar, maksatnamalaýyn we tehniki serişdeler ulanylýan işleriň ähli çygyrlarynda peýdalanylyp bilner.

Elektron resminama habarlary we beýleki maglumatlary bermek, hat aragatnaşygyny amala aşyrmak üçin, geleşikler amala aşyrylanda peýdalanmakda, şeýle hem töleg resminamasy hökmünde hyzmat edip biler. Elektron resminamalaryň ulanylyşyna Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan çäklendiriş halatlary bellenilip bilner.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, onda elektron resminama islendik aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen iberilip bilner.

Elektron resminamanyň hukuk güýji

Türkmenistanyň “Elektron resminama hakynda” kanunynyň talaplaryna laýyk gelýän elektron resminama hut öz goly çekilip berkidilen elektron san ýazgysynyň hakykylygyny barlamagyň netijesi diňe oňyn bolanda kagyz göterijidäki resminamalar bilen deň hukuk güýje eýedir diýlip ykrar edilýär.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda resminamanyň döwlet belligine alynmagy talap edilýän halatlar bar bolsa, onda elektron resminamanyň asyl nusgasy döwlet belligine alynmaga degişlidir.

Ýaýradylmagy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen maglumatly elektron resminamalar

Döwlet syry, täjirçilik ýaşyrynlygy ýa-da kanun tarapyndan goralýan başga gizlin häsiýetli maglumatlar, şeýle hem ýaýradylmagy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen maglumatly elektron resminamalar bolup biler.

Döwlet edaralary, kärhanalar, guramalar, edaralar, olaryň wezipeli adamlary, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumaty özünde saklaýan elektron resminamalar bilen işlemek wezipesi özlerine ýüklenen raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şony goramagyň zerur çärelerini üpjün etmäge borçludyrlar.

BT Hukuk Bölümi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022