“Türkmendemirýollary” ýolagçylara VIP gatnawlary hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmendemirýollary” ýolagçylara VIP gatnawlary hödürleýär
Täze ýokary derejeli wagonlar ýurduň ähli welaýatlaryna ugraýan gatnawlara goşulýar.

“Türkmendemirýollary” agentligi 1-nji fewraldan başlap, VIP görnüşli ýokary hyzmat derejeleri hödürleýän gatnawlary ýola goýýar. Bu barada "Türkmendemirýollary" habar berýär.

VIP wagonda ýolagçylara agşamlyk nahary, alkogolsyz içgiler, isleglere görä çaý we kofe hyzmatlary berilýär.

Wagonyň kupeleri dört adama niýetlenip, ýolagçylar syýahatyň dowamynda ulanmak üçin bir gezeklik süpürgiçler, şypbyklar, ýapynjalar we beýleki zerurlyklar bilen üpjün edilýär.

VIP wagonlaryň biletleri türkmen demir ýollarynyň resmi saýtynda we demirýol bilet kassalarynda satyşa goýberildi.

Täze ýokary derejeli wagonlar ýurduň ähli welaýatlaryna ugraýan gatnawlara goşulýar.

"Türkmendemirýollary" agentligi her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Agentligiň ýolagçy bölüminde 5 müň hünärmen zähmet çekýär.

2022