“Türkmenistan Awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Abu-Dabi we Dubai şäherleri boýunça gatnawlary dikeldýär, şeýle-de Jidde şäheri boýunça gatnawy aprel aýynda başladýar.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň habar bermegine görä, 2-nji fewraldan Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat we 5-nji fewraldan Aşgabat – Dubaý – Aşgabat ugurlaryna uçuşlar başlar.
Fewral aýynda meýilleşdirilen täze Aşgabat – Jidde – Aşgabat ugry boýunça uçuşlar aprel aýyna geçirildi. Ýolagçylary Saud Arabystanyna “Boeing – 777-200 LR” howa gämisinde gatnatmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň milli howa gatnawlary gullugy fewral aýynda Kuala-Lumpur şäherine hem uçuşy ýerine ýetirmäge başlaýar.
“Türkmenistan Awiakompaniýasy” 10-njy ýanwardan Abu-Dabi, 13-nji ýanwardan Dubaý şäherlerine uçuşy wagtlaýyn saklapdy.