Türkmenistanyň iki palataly Milli Parlamenti Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy bolsa, Halk Maslahaty diýlip atlandyrylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçiren Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde iki palataly parlamentiň gurluşy we wezipeleri barada belläp geçdi.
Maslahatda täze iki palataly Parlamentiň deputatlarynyň sany hem artdyrylyp 181-e çykaryldy. Onuň Mejlisi ozalkysy ýaly 125 wekilden ybarat bolar. Halk Maslahaty palatasy bolsa, 56 deputatdan ybarat bolup, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 wekil saýlanar hem-de ýene sekiz wekil Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan belleniler.
Şeýle-de Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde palatalaryň ygtyýarlyklary hem kesgitlendi. Galyberse-de, mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek baradaky tekliplere hem seredildi.