Ahal welaýatynyň täze merkezi üçin $1.5 milliarda golaý serişde berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynyň täze merkezi üçin $1.5 milliarda golaý serişde berildi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Ahal welaýatynyň merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri boýunça ýygnak geçirildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak üçin 1.5 milliarda golaý amerikan dollary serişde bölünip berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pul serişdesini bölüp bermek baradaky Karara duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynda gol çekdi.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynyň agramly bölegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Iş maslahatynda döwlet Baştutany gurulýan binalaryň ýokary hili, işleriň wagtynda ýerine ýetirilmegi, milli binagärlik däpleriniň döwrebap tejribeler arkaly sazlaşmagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenýändigini aýratyn nygtap, eýýäm häzir köp iş orunlarynyň döredilendigini we bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek üçin hemme çäreleriň görülýändigini sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň dowamynda belledi.

Şunuň bilen baglanyşykly duşenbe güni türkmen işewür jemgyýetçiliginiň agzalary TSTB-de ýygnak geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy hem-de özlerine ynanylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi boýunça çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň aprel aýynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň – täze şäheriň düýbi tutuldy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler.

Döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleri 2019-njy ýylyň awgust aýynda başlady we binalar hem-de desgalar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar ediler.

2022