Türkmenistanda ýolagçy we ýük gatnawlarynda hyzmat etjek “Demirýollary” AGPJ döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýolagçy we ýük gatnawlarynda hyzmat etjek “Demirýollary” AGPJ döredildi
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçylara berilýän hyzmata gözegçilik eder.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň "Türkmendemirýollary" agentliginiň düzüminde demir ýollarynda ýolagçy we ýük gatnawlary boýunça hyzmat etjek “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.

Pudagyň degişli agentligi bilen bir hatarda “Demirýollary” kärhanasynyň esaslandyryjylarynyň hatarynda "Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bardyr. Paýdarlar jemgyýetiniň döredilişine taýýarlyk prosesinde milli demir ýoly ulgamynyň bölümleriniň emläkleri boýunça bahalandyryş işleri geçirildi.

“Demirýollary” AGPJ-e lokomotiw we wagon deposy, demir ýol stansiýalary, wokzallar, gurluşyk-gurnama bölümleri, aragatnaşyk we elektrik energiýasy kärhanalary, “Awaza”-daky “Kerwen” we “Türkmenbaşy” myhmanlary degişli edildi.

“Türkmendemirýollary” agentligi ýurduň demir ýol ulgamlary, raýat hyzmat desgalary, okuw jaýlary we taslama-gözegçilik instituty boýunça gözegçilik etmek we dolandyrmak işlerini ýerine ýetirer.

“Demirýollary” AGPJ-niň baş direktorynyň ykdysadyýet we maliýe boýunça orunbasary Mekan Dadyýewiň aýtmagyna görä, döwlet agentliginiň düzüminde otly we transport hödürlemek hyzmatyny berýän kompaniýanyň döredilmegi ýurduň ulag we logistikasyna goşant goşmak üçin iň dogry çözgütdir.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň düzüminde bazara gönükdirilen bölümiň açylandygyny aýdan Dadyýew paýdarlar jemgyýetine täjirçilik kompaniýasy hökmünde iş alyp barmaga mümkinçiligiň döredilendigini belledi.

“Demir ýollary pudagy çykdajylar, ulag harajatlary, hyzmatyň hili, maýa goýum talaplary ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýan çylşyrymly guramadyr” diýip, Mekan Dadyýew belleýär. “Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi hususy maýa goýumy bu pudaga çekmäge ýardam edýär”.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň düzüminde “Demirýollary” AGPJ-ni döretmäge ygtyýar bermek baradaky Karara geçen ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilipdi.

Her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýän "Türkmendemirýollary" agentligi "Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" AGPJ-niň 35% göterim paýdary bolup hem çykyş edýär.