Türkmenistanyň welaýatlarynda täze awtomenziller iki ýylyň dowamynda gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze awtomenziller iki ýylyň dowamynda gurlar
“Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda Aşgabat şäheriniň demirgazygynda açylan halkara ýolagçy awtomenzilini gurmak bilen tejribe gazanypdy.

Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde täze ýolagçy awtomenzillerini gurmak “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýetine ynanyldy.

Welaýat merkezleri bolan Balkanabat, Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalar fewral aýynda başlap, 2022-nji ýylyň fewralynda tamamlanar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni gol çeken Karary bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň degişli kärhanalaryna binalaryň taslamalaryny düzmek hem-de gurmak barada “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyryljak ýolagçy awtomenzilleri häzirki zaman aragatnaşyk ulgamy, täzeçil tehnologiýalar we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylar.

Şeýle hem türkmen Lideriniň tabşyrygy boýunça guruljak awtomenzillerde ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler ýola goýlar. Olarda hyzmatlar ulgamyna degişli düzümler, internet we aragatnaşyk ulgamlary ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar.

“Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda Aşgabat şäheriniň demirgazygynda açylan halkara ýolagçy awtomenzilini gurmak bilen tejribe gazanypdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022