Hytaýyň iri telefon öndürijileri “Google Play Store” platformasyna bäsdeş döretmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýyň iri telefon öndürijileri “Google Play Store” platformasyna bäsdeş döretmekçi
“Statista”-nyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň dekabrynda “Google Play” platformasynda 3 milliona golaý applikasiýa ýerleşdirilendir.

Hytaýyň “Huawei”, “Xiaomi”, “Oppo” we “Vivo” ýaly iri telefon öndüriji kompaniýalary bilelikde ýurduň çäginden daşardaky applikasiýa döredijilerine öz önümlerini bir wagtda ähli applikasiýa marketlerinde goýmaga mümkinçilik berýän platformanyň üstünde iş alyp barýarlar. Bu barada “Reuters” habar agentligi harbar berýär.

Smart telefon öndürijileri “Google Play Store”-e goşmaça applikasiýa döretmek maksady bilen “Global Developer Service Alliance” (GDSA) ady bilen birleşdiler.

“Statista”-nyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň dekabrynda “Google Play” platformasynda 3 milliona golaý applikasiýa ýerleşdirilendir. Bu bolsa, platformada täze applikasiýalary ýerleşdirmegi agyrlaşdyrýar.

“Google”-yň bu ugurda öňe çykmagy, oňa “Play Market”-de applikasiýalaryň satuwyndan 30%-e golaý komission tölegini almaga mümkinçilik döredýär. “Reuters” habar agentliginiň salgylanýan seljerijilerine görä, geçen ýyl kompaniýa 8.8 milliard ABŞ dollaryny gazanypdyr. Hytaýyň smart telefon öndürijileri bu puluň bir bölegini gazanmagy isleýärler, sebäbi dünýäde telefon satuwy pese düşýär.

““The Global Developer Service Alliance” (GDSA) applikasiýa döredijilere ony ýaýratmak, döredijiligi goldamak, brendi öňe sürmek, marketing hyzmatlary we trafigiň monetizasiýasy ýaly hyzmatlary öz içine alýan ähli taraplaýyn şertleri hödürlemäge ymtylýar” diýlip, birleşmäniň resmi internet sahypasynda aýdylýar. “Biziň hyzmatlarymyz Hindistan, Indoneziýa, Russiýa we Malaýziýa ýaly dokuz ýurtda we sebitde hödürlenýär”.

Birleşmäniň resmi internet sahypasynda diňe “Xiaomi”, “OPPO” we “Vivo” GDSA birleşmesiniň agzalary hökmünde görkezilýär. Emma “Reuters” habar agentliginiň makalasynda “Huawei” hem birleşmäniň agza kompaniýasy hökmünde görkezilýär. Bu dört kompaniýanyň entek hiç biri özüniň agzalygyny tassyklamady.

2019-njy ýylyň IV çärýeginde “Xiaomi”, “OPPO”, “Vivo” we “Huawei” kompaniýalarynyň telefon bazaryndaky paýy 40%-den ybarat boldy.

2022