Elektron san ýazgysy we onuň maksady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Elektron san ýazgysy we onuň maksady
Elektron san ýazgysy elektron resminamanyň mazmuny bilen onuň eýesiniň (eýeleriniň) ylalaşýandygyny tassyklaýar.

Elektron san ýazgysy şekiller (san yzygiderliligi) toplumy görnüşinde elektron resminamany iberijiniň resmi goly hökmünde ykrar edilýän öz eli bilen çeken goluna kybapdaşdyr. Elektron san ýazgysy onuň anyk eýä degişlidigini tassyklamaga mümkinçilik berýär we gol çekilen pursatynda güýje eýedir.

Elektron san ýazgysy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen tertipde bellige alynýar.

Elektron san ýazgysyny peýdalanmagyň tertibi elektron resminamany iberijiniň we alyjynyň arasynda aýratyn şertnama arkaly düzgünleşdirilip bilner.

Elektron san ýazgysy:

  • elektron resminamanyň onuň eýesi tarapyndan düzülendigine şaýatlyk edýär;
  • elektron resminamanyň hakykydygyny, bitewidigini we üýtgewsizdigini tassyklaýar;
  • elektron resminamanyň mazmuny bilen onuň eýesiniň (eýeleriniň) ylalaşýandygyny tassyklaýar;
  • şol elektron resminama hakyky bolan şertinde onuň eýesiniň (eýeleriniň) elektron resminamada beýan edilen borçnamalary özüne alýandygyna şaýatlyk edýär.
  • elektron resminamanyň hakykydygyny we bitewidigini tassyklamak işi elektron serişdeleri arkaly elektron resminama gol çeken şahslaryň gollaryny barlamagyň açyk açarlaryny peýdalanmak bilen geçirilýär.

Hakykylyk kody

Eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan başgaça göz öňüne tutulmadyk bolsa, onda elektron resminamanyň bitewidigine gözegçilik etmek, onuň hakykydygyny we anyk eýä degişlidigini tassyklamak üçin elektron resminamalaryň ulanylyş ulgamlarynda elektron san ýazgysynyň ýerine hakykylyk kody peýdalanylyp bilner.

Ýazgynyň şahsy açary

Ýazgynyň şahsy açary elektron san ýazgysy düzülende peýdalanylýar we ol anyk eýä degişlidir.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga tertip bellenilmedik bolsa, onda elektron san ýazgysynyň şahsy açaryny döretmek işini elektron san ýazgysynyň serişdeleriniň eýeleri amala aşyrýarlar.

Ýazgynyň şahsy açarynyň eýesi öz bähbitleri üçin şony gizlin saklamalydyr we tötänleýin ýok edilmeginden ýa-da onuň şekilini kybaplaşdyrmakdan gorap saklamagy üpjün etmelidir.

Ýazgyny barlamagyň açyk açary

Ýazgyny barlamagyň açyk açary elektron san ýazgysy barlanylanda peýdalanylýar.

Ýazgyny barlamagyň açyk açarynyň şahsy açarynyň eýesine degişlidigi ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasyna şol adamyň gol goýmagy (goly we möhri) arkaly tassyklanylýar. Ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasy - barlamagyň açyk açaryny ähmiýetini saklaýan we onuň anyk eýä degişlidigini tassyklaýan kagyz göterijidäki resminamadyr. Ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasynyň görnüşini maglumatlar setiniň hususy eýesi belleýär.

Ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasy ýazgynyň şahsy açarynyň eýesi ýa-da onuň ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilen elektron resminamalaryň hakykydygyny barlamaga gyzyklanýan taraplara ýaýradylýar.

Ýazgyny barlamagyň açyk açaryny peýdalanyjy ýazgyny barlamagyň özüniň peýdalanylýan açyk açaryny ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasynda ýazylyp bellenilen açara meňzeş bolmagyny üpjün etmäge borçludyr.

Elektron san ýazgysynyň meňzeşdigini tassyklamak

Elektron san ýazgysynyň meňzeşdigini şoňa ygtyýary bolan düzgünnamaly şahs tassyklaýar.

Elektron san ýazgysynyň meňzeşdigini tassyklamaga ygtyýarly tarap degişli maksatnamalaýyn, tehnika we kadrlar babatda üpjün bolmalydyr.

BT Hukuk Bölümi