Aşgabat şäherinde sişenbe güni ABŞ-niň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanda telekeçiligi we işewürlik jemgyýetini ösdürmek boýunça taslamasyny işe girizdi. Bu barada USAID-iň resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Çärä 30-dan gowrak kompaniýalaryň we guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
USAID bu taslamanyň üsti bilen türkmen kärhanalaryna täze iş orunlaryny döretmekde, işgärleriň iş ukyplylygyny kämilleşdirmekde, belli bir ykdysady pudaklarda, şol sanda maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary, azyk senagaty, haly önümçilik, deri önümçilik we el işleri pudaklarynda satuwyň we eksportyň möçberini artdyrmakda goldaw berer.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar taslamany durmuşa geçirmekde maliýe goýumyny çekmegiň hem-de belli bir ykdysady pudaklarda satuwyň we eksportyň möçberini artdyrmakda innowasion çözgütleri ulanmagyň nukdaýnazaryny we usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S.Klimow gatnaşyjylara ýüzlenip, “Biziň maksadymyz türkmen işewürlerini diňe bir özara we sebitleýyin Merkezi Aziýa hyzmatdaşlary bilen baglamak bolup durman, eýsem has aňryk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we halkara kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy gurmak we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar” diýip belledi.
Şeýle hem USAID iş ukyplylygy kämilleşdirmekde zenanlar we ýaşlar üçin gurnajak okuwlary barada pikir alşyldy.
ABŞ-niň Halkara ösüş agentligi (USAID) 1961-nji ýylda ABŞ-niň hökümetiniň halkara ösüş we ynsanperwerlik kömeklerini bermek baradaky meýilnamasyny öňe sürmek maksady bilen döredildi.