Türkmenistan bilen Grenada diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Grenada diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew bilen Grenadanyň ilçisi Oleg Firer diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlandygy baradaky Bilelikdäki komýunike gol çekdiler.

Türkmenistan penşenbe güni Demirgazyk Amerika yklymynda ýerleşýän Grenada bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Moskwa şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynda türkmen ilçisi Batyr Nyýazlyýew bilen Grenadanyň Russiýadaky ilçisi Oleg Firer diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlandygy baradaky Bilelikdäki komýunike gol çekdiler.

Gol çekişlik dabarasyndan öň iki ýurduň diplomatlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ilçiler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar, şol sanda ylym-bilim, medeniýet, sungat we sport boýunça gatnaşyklary maslahatlaşdylar.

Karib deňziniň gündogarynda ýerleşýän Grenada 1974-nji ýylda garaşsyzlygyny aldy. Ilaty 1.1 ýüz müň bolan ada döwletiniň tutýan meýdany 348 inedördül kilometrdir.

2022