Elektron töleg resminamasy diýen düşünje we hukuk esaslary

BIZNES TÜRKMENISTAN
Elektron töleg resminamasy diýen düşünje we hukuk esaslary
Elektron töleg resminamasy tölegleri geçirmek üçin zerur bolan ähli hökmany maglumatlary özünde jemleýär.

Elektron töleg resminamasy Türkmenistanyň “Elektron resminama hakynda” kanunynyň talaplaryny ödeýän, hasap boýunça işleri amala aşyrmaga esas bolýan resminamadyr.

Elektron töleg resminamasy tölegleri geçirmek üçin zerur bolan ähli hökmany maglumatlary özünde jemleýär we ygtyýarly şahslaryň hut öz çeken gollary hem basan möhri arkaly berkidilen kagyz göterijidäki töleg resminamasy bilen deň hukuk güýjüne eýedir.

Elektron töleg resminamalarynyň ulanylýan çygrynda hukuk esaslary

Elektron töleg resminamalarynyň ulanylýan çygryndaky hukuk esasyny Türkmenistanyň “Elektron resminama hakynda” kanun, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan elektron tölegleri hakyndaky Düzgünnama, şeýle hem elektron tölegler ulgamyna gatnaşyjylaryň arasynda elektron töleglerini amala aşyrmak üçin baglaşylan şertnamalar düzýärler.

Halkara elektron töleglerini geçirmegiň we şeýle tölegleri geçirmek üçin peýdalanylýan elektron töleg resminamalaryna, olaryň ölçeglerine bildirilýän talaplaryň tertibi, elektron san ýazgylaryny döretmegiň, hakykydygyny kesgitlemegiň kadasy we howpsuzlygyny üpjün etmegiň tertibi degişli şertnamalar arkaly bellenilýär.

Elektron töleg resminamalarynyň hasaby

Elektron töleg resminamalarynyň hasaby, şeýle hem elektron töleglerini geçirmek bilen bagly amallary ýa-da elektron resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça beýleki hereketler Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Maksatnamalaýyn we tehniki serişdeleriň sertifikasiýasy

Elektron resminamalary döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak, bermek, kabul etmek we goramak üçin peýdalanylýan maksatnamalaýyn hem-de tehniki serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir we Türkmenistanda bellenilen talaplara laýyk gelýän sertifikaty ýa-da sertifikatyň ykrar edilendigi hakynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan berilýän şahadatnamasy bolmalydyr.

Halkara hyzmatdaşlygy

Elektron resminamalary peýdalanyjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda elektron resminamalaryň ulanylýan çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşyp, halkara maglumatlar ulgamlaryndan we şertlerinden peýdalanyp bilerler.

Halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary tarapyndan Türkmenistanyň “Elektron resminama hakynda” kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, şonda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

BT Hukuk Bölümi

2022