Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlary goýmagyň hukuk esaslary

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlary goýmagyň hukuk esaslary
Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” kanuny daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” kanuny daşary ýurt maýa goýujylaryň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň Türkmenistanyň çägindäki işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” kanunyndan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň “daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” kanunynda bellenen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” kanunynda peýdalanylýan esasy düşünjeler:

1) daşary ýurt maýa goýumlary – daşary ýurt maýa goýujysyna degişli raýat hukuklarynyň obýektleri, şol sanda pul serişdeleri, gymmatly kagyzlar, beýleki emläk, pulda bahasy kesgitlenen emläk hukuklary, intellektual işiň netijeleri üçin aýratyn hukuklar (intellektual eýeçilik), şeýle hem hyzmatlar we maglumatlar görnüşinde Türkmenistanyň çägindäki telekeçilik işiniň obýektine daşary ýurt maýasyny goýmak;

2) daşary ýurt maýa goýujylary:

  • daşary ýurt edara görnüşindäki tarap, onuň Türkmenistandaky şahamçasyny we wekilhanasyny goşup;
  • halkara guramasy;
  • daşary ýurt döwleti;
  • daşary ýurt şahsy tarap, şeýle hem maýa goýumyň amala aşyrylýan pursadynda daşary ýurt döwletiniň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk şahs;
  • Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýaty;

3) daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhana – Türkmenistanyň kanunçylygynda belenillen tertipde Türkmenistanyň çäginde döredilen kärhana, ol daşary ýurt maýa goýujysyna doly ýa-da Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplary bilen paýly gatnaşyk esasynda degişlidir;

4) göni daşary ýurt maýa goýumlary –  Türkmenistanyň çäginde döredilen ýa-da täze döredilýän kärhananyň maýalyk gorunda paýnamalaryň (paýyň, goýumyň) azyndan 10 göterimine daşary ýurt maýa goýujysy tarapyndan eýelik edilmegi, edinilmegi; Türkmenistanyň çäginde döredilýän daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň esasy gaznalaryna maýa goýmak;

5) maýa goýum taslamasy - döwlet standartlaryna (kadalaryna) laýyklykda işlenip taýýarlanylan taslama-smeta resminamalaryny öz içine alýan maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň ykdysady maksada laýyklygynyň, möçberiniň we möhletleriniň esaslandyrylmasy, şeýle hem maýa goýumlaryny amala aşyrmak boýunça iş ýüzündäki hereketleriň beýany (täjirçilik meýilnamasy). Ileri tutulýan maýa goýum taslamasy – durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamasy;

6) maýa goýum taslamasynyň özüni ödemeli möhleti – göni daşary ýurt maýa goýumyny peýdalanmak bilen maýa goýum taslamasynyň maliýeleşdirilmäge başlanan gününden başlap, ulanyş serişde geçirmeleri bolan sap girdejiniň toplanan möçberi bilen daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň maýa goýum harajatlarynyň möçberiniň arasyndaky tapawudyň onyň ähmiýete eýe bolan gününe çenli möhlet;

7) maýa goýumy gaýtadan goýmak – daşary ýurt maýa goýujysynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň daşary ýurt maýa goýumlaryndan alan peýdasynyň (girdejisiniň) Türkmenistanyň çäginde telekeçilik işiniň obýektlerine maýa goýumlaryny goýmak;

8) erkin ykdysady zolak – erkin telekeçiligiň ykdysady zolagy, milli syýahatçylyk zolagy, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň beýleki görnüşleri, olaryň döredilmeginiň, işlemeginiň we ýatyrylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

Daşary ýurt maýa goýumlary şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplary bilen bilelikde kärhanalara paýly gatnaşmak;

2) daşary ýurt maýa goýujylaryna doly degişli kärhanalary, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalaryny döretmek ýa-da hereket edýän kärhanalary eýeçilige almak;

3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen raýat dolanyşygynda çäklendirilenden başga gozgalýan we gozgalmaýan emlägi edinmek;

4) daşary ýurt karzlaryny we ssudalary bermek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen emläk we emläk däl hukuklary edinmek.

BT Hukuk Bölümi

2022