Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk düzgüni

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk düzgüni
Türkmenistana getirilýän daşary ýurt maýa goýujysynyň mälim eden sanawyna laýyklykda kärhananyň maýalyk goruna, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň esasy gaznalaryna goýum hökmünde emläk gümrük pajyny almakdan boşadylýar.

Daşary ýurt maýa goýujylaryna, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalara daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işiniň we maýa goýumlaryndan alnan girdejini peýdalanmagyň milli maýa goýujylaryna berlen maýa goýumlardan alnan girdejini peýdalanmagyň we işiň hukuk düzgüninden pes amatly bolup bilmejek milli hukuk düzgüni berilýär.

Erkin ykdysady zolagyň çäginde işini amala aşyrýan daşary ýurt maýa goýujylaryna, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalara, daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň we maýa goýumlaryndan alnan girdejini peýdalanmagyň işiniň hukuk düzgünine we islendik üçünji döwletiň maýa goýumlaryna berlen, maýa goýumlaryndan alnan girdejini peýdalanylmagyň hukuk düzgüninden pes bolmadyk amatly hukuk düzgüni berilýär.

Gümrük ýeňillikleri

Türkmenistana getirilýän daşary ýurt maýa goýujysynyň mälim eden sanawyna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň maýalyk goruna, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň esasy gaznalaryna goýum hökmünde emläk gümrük pajyny almakdan boşadylýar.

Şeýle-de maýa goýumlary hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryna laýyklykda baglaşylan halkara şertnamalarynyň we kontraktlaryň esasynda daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar tarapyndan emläk degişli şertnama bilen bellenilen maýa goýum taslamasynyň özüni ödeýjilik möhletiniň içinde gümrük pajyny almakdan boşadylýar.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmegiň beýleki çäreleri

Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalary öz öndüren önümini (işlerini, hyzmatlaryny) ygtyýarnamasyz eksport etmek we öz hajatlary üçin önümini (işleri, hyzmatlary) import etmek hukugyna eýedirler.

Erkin ykdysady zolagyň çäginde işini amala aşyrýan daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar maýa goýum taslamalarynyň özüni ödeýjilik möhletine baglylykda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleklerini kärendesine almak hukugyna eýedirler.

Maýa goýum taslamalaryny, şeýle hem erkin ykdysady zolakda obýektleri gurýan we ulanýan daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalary, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny bellige almak bellige alyş ýygymlaryny almazdan geçirilýär.

Erkin ykdysady zolagyň çäginde işini amala aşyrýan daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar şu aşakdakylardan boşadylýarlar:

1) konsullyk we bellige alyş ýygymlaryny tölemekden;

2) şertnamalaryň bellige alnandygy üçin birža ýygymlaryny tölemekden;

3) ygtyýarnamanyň berilmegi we onuň gaýtadan resmileşdirilmegi üçin döwlet pajyny tölemekden;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde ýer bölekleri üçin kärende töleginden;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen býujetden daşary gaznalara peýdadan serişde geçirmelerden.

Daşary ýurt maýa goýujylar, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, şeýle hem erkin ykdysady zolagyň çäginde obýektleri gurmak we ulanmak boýunça işi amala aşyrýan olaryň potratçylary we kömekçi potratçylary tarapyndan Türkmenistana getirilýän enjamlaryň we materiallaryň güwälendirmesi güwänama hyzmatlary üçin töleg almazdan geçirilýär.

Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalary bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän önümlerden (işlerden, hyzmatlardan) başga, öz öndürýän önümlerini (işlerini, hyzmatlaryny) ýerlemegiň şertlerini özbaşdak kesgitleýärler.

Durnukly ykdysady ösüşi, ýurduň ykdysadyýetiniň progressiw gurluş üýtgetmelerini, eksport mümkinçiliginiň pugtalandyrylmagyny we artdyrylmagyny, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän ileri tutulýan maýa goýum taslamalary konsessiýa şertnamalary boýunça Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbitlerine Türkmenistanyň kanunçylygy bilen daşary ýurt maýa goýujylary we daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar üçin beýleki ýeňillikler bellenilip bilner.

BT Hukuk Bölümi