Türkmenabat şäherinde Lebap welaýatynyň baş metjidi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabat şäherinde Lebap welaýatynyň baş metjidi açyldy
Metjidiň iki gatly binasynda bir wagtda 3 müň adama namaz okamaga şertler döredilen.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde türkmen Lideri welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýurt Baştutany yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügi ylahy gymmatlyk hökmünde täze gurlan metjide ýadygärlik hökmünde gowşurdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti metjidiň sadaka jaýynda eserlerinden düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi. 

Täze açylan metjidiň umumy tutýan meýdany bäş gektara golaýdyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, birinji gatyň meýdany 3 müň 444 inedördül metre we zenanlar üçin niýetlenen ikinji gatyň meýdany 1 müň 609 inedördül metre barabardyr. Metjidiň baş binasyny gurmakda we timarlamakda döwrebap serişdeler, yşyklandyryş ulgamlar ulanylandyr.

Metjidiň iki gatly binasynda bir wagtda 3 müň adama namaz okamaga şertler döredilen.

Mundan başga-da, metjidiň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we 390 sany awtoulaga niýetlenen awtoduralga göz öňünde tutulan.

Şeýle metjitler 2009-njy ýylda Mary welaýatynda, 2015-nji ýylda Daşoguz welaýatynda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda açylyp ulanylmaga berildi.

Häzriki wagtda Balkanabat şäherinde hem Balkan welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Lebap welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygyny “Altyn gül” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Bu kärhana 12 ýyl mundan öň döredilip, sebitde durmuş maksatly desgalary, şol sanda, mekdepleri, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary gurup ulanmaga berdi.

2022