Türkmenistan koronawirusyň öňüni alyş çärelerini güýçlendirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan koronawirusyň öňüni alyş çärelerini güýçlendirýär
Türkmenistanyň Halkara howa menzillerinde, ähli döwlet serhet geçelgelerinde, deňiz, awtomobil hem-de demir ýollarynda arassaçylyk-karantin nokatlarynyň we bölümleriniň gije-gündiz nobatçylygy dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy Pürli Agamyradow we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen sişenbe güni geçiren iş maslahatynda dünýäde täze ýüze çykan koronawirus (COVID-19) zerarly pandemiýa howpuny çaklaýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryny nazara almak bilen, howply ýokanç keseline ygtybarly böwet goýmak hem-de raýatlaryň saglygyny goramak üçin islendik ýagdaýlaryň döremegine taýýar bolmagyň zerurdygyny belledi we bu ugurda yzygiderli gözegçiligi alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Maslahatda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow täze koronawirus zerarly ýüze çykýan ýiti öýken sowuklama keseliniň Türkmenistanyň çägine aralaşmagyna ýol bermezlik boýunça wezipeleri çözmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, şu aşakdaky anyk wezipeleri kesgitledi:

  • Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisini yzygiderli geçirmek we olarda gelip gowuşýan maglumatlaryň ählisini içgin seljermek, ýokanç keselleriň ýüze çykmak mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak hem-de zerur bolan halatynda dessin çäreleri görmek;
  • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahatçylyk, medeni-köpçülik, sport we beýleki maksatlar bilen sapara iberilmegine gözegçilik etmek;
  • Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň içgin lukmançylyk barlagyndan geçirilmegini dowam etmek;
  • Türkmenistanyň serhet geçelgeleriniň ählisinde raýatlaryň saglyk ýagdaýyna berk gözegçiligi dowam etmek;
  • Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin gözegçilik nokatlarynda anyklaýyş enjamlarynyň talabalaýyk işlemegini gazanmak;
  • Zyýansyzlandyryş we sarp ediş serişdeleriniň üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamak;
  • Halkara howa, deňiz, derýa, gara we demir ýollaryndaky serhet geçelgelerinde, ulaglarda we menzillerde gündelik zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişini güýçlendirmek;
  • Ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işlerini alyp barmak.

Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli gulluklaryň giň möçberli işiniň, öz wagtynda görlen çäreleriň hem-de olaryň işiniň takyk utgaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda howply koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça häzirki wagtda Türkmenistanda saglyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin degişli gözegçilik hem-de daşary ýurtlardan gelýän raýatlary lukmançylyk gözegçiligine almak çäresi ýola goýuldy, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň merkezleri döredildi. Epidemiologik ýagdaý durnuklaşýança, bu keseliň ýaýran döwletlerine, gulluk zerurlygyndan başga halatlarda, türkmenistanlylaryň gitmekleri çäklendirildi. 

Türkmenistanyň Halkara howa menzillerinde, ähli döwlet serhet geçelgelerinde, deňiz, awtomobil hem-de demir ýollarynda arassaçylyk-karantin nokatlarynyň we bölümleriniň gije-gündiz nobatçylygy dowam edýär. Bu ýerlerde döwrebap tehniki we anyklaýyş enjamlarynyň kömegi arkaly lukmançylyk gözegçiligi geçirilýär.

Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralary tarapyndan karantiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan enjamlar we derman serişdeleri bilen üpjün edilýär. Welaýat, etrap we şäher saglygy goraýyş edaralarynda zyýansyzlandyryjy, antiseptiki we derman serişdeleriniň ätiýaçlyk gory döredildi hem-de lukmanlar şahsy gorag eşikleri bilen üpjün edildi.

Maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirildi we berk gözegçilige alyndy. Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň getirilmegine gözegçilik işleri, şeýle-de ýükleri barlamak, ulag serişdeleriniň zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça çäreler güýçlendirildi.

Möwsümleýin dümew keseline garşy öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek dowam edýär. Aşgabat şäher, welaýat saglygy goraýyş müdirlikleriniň epidemiologik ýagdaýlar baradaky maglumatlary jemlenilip, gündelik hasabatlar düzülýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlary yzygiderli öwrenilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öňüni alyş maslahatlary çap edilýär, maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda degişli wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

2022