Sanly ulgamy gümrük amallaryna ornaşdyrýan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz işini kämilleşdirmek maksady bilen “Bir penjire” ulgamyna geçmek boýunça birnäçe çäreleri geçirýär.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda duşenbe güni “Daşary söwda üçin “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri” atly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahaty BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy hem-de Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy tarapyndan gurnaldy.
“Bir penjire” ulgamyny girizmek boýunça görkezilen tanyşdyryşlar arkaly okuw maslahatyna gatnaşyjylar döwrebap konsepsiýalar, bu ulgama geçmek üçin zerur bolan maglumat tehnologiýalary we olary işe ornaşdyrmagyň usullary bilen giňden tanyşdylar.
BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda we Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde Döwlet gümrük gullugynda “ASYCUDA World” atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamynyň milli görnüşi girizildi. Bu ulgamyň ýurtda daşary söwda üçin “Bir penjire” taslamasynyň ornaşdyrylmagyna hemaýat etjek esasy binýat bolmagyna garaşylýar.
“Bir penjire” hyzmatlardan peýdalanmak üçin ýüz tutýan raýatdan resminamalaryň merkezleşdirilen görnüşde kabul edilmegini, şeýle-de resminamalary gysga wagtda taýýarlamaga mümkinçilik berýän ulgamdyr.