Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasy işewürlik maslahatyny gurnaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasy işewürlik maslahatyny gurnaýar
Işewürlik maslahaty Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanyndaky Işewürler merkezinde geçiriler.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde şu ýylyň 17-nji martynda “Türkmenistan bilen işewürlik hyzmatdaşlygyň esasy mümkinçilikleri” atly maslahat gurnaýar. Bu barada Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Maslahat paýtagt Buharest şäherinde ýerleşýän Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanyndaky Işewürler merkezinde geçiriler.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen baglanyşykly, esasan-da, oba hojalyk, syýahatçylyk we sanlaşdyrma pudaklaryndaky meselelere serediler. Şeýle-de Türkmenistanda maýa goýumyny goýmakda hödürlenýän mümkinçilikler we bank ulgamy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasy 1868-nji ýylda döredilip, eýýäm 150 ýyldan bäri rumyn telekeçilerine wekilçilik edýän möhüm edaralaryň biridir. Erkin bazar ykdysadyýetiniň bir bölegi hasaplanýan bu edara ýurduň telekeçilik işlerini we Rumyniýanyň ykdysadyýetini ösdürmegi maksat edinýär.