Türkmen wekiliýeti Marokko iş saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Marokko iş saparyny amala aşyrar
Türkmenistan bilen Marokko 1992-nji ýylyň sentýabr aýynda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew 4-6-njy martda Marokkoda iş saparynda bolar.

Iş sapary hakyndaky buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni ýangyç-energetika toplumy boýunça geçiren iş maslahatynda gol çekdi.

Saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Demirgazyk Afrikada ýerleşýän Marokkonyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek we iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşylar.

Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparyna gidýän wekiliýete ýolbaşçylyk etmek wise-premýer, Daşary işler ministri R.Meredowa tabşyryldy.

Şeýle hem Marokkonyň Patyşasyna halkara derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylyk gowşurylar.

Türkmenistan bilen Marokko 1992-nji ýylyň sentýabr aýynda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.

2022