Türkmenistan sagdyn iýmitlenmegiň Milli maksatnamasyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan sagdyn iýmitlenmegiň Milli maksatnamasyny kabul etdi
Türkmenistan ÝUNISEF-niň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldamagynda 2020-2025-nji ýyllar üçin ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnamasyny kabul etdi.

Türkmenistan ÝUNISEF-niň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldamagynda 2020-2025-nji ýyllar üçin ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnamasyny kabul etdi. Bu barada BMG Türkmenistanyň resmi saýty habar berýär.

Kabul edilen maksatnama saglygyň berkidilmegine we iýmitlenmek bilen baglanyşykly ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna gönükdirlendir. Milli maksatnama ilatyň sagdyn iýmitlenmegi bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almaga we pudagara ylalaşykly hereket etmäge ýardam berer.

Şeýle-de syýasatyň we strategiýalaryň saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy, oba-hojalyk, azyk senagaty, azyk howpsuzlygy we beýleki pudaklaryň arasynda özara ylalaşygy maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar.

Täze Milli maksatnama 2013-2017-nji ýyllar üçin maksatnamanyň esasynda döredildi.

2022