Türkmenistan “Hyundai” şäheriçi awtobuslaryň 400 sanysyny satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Hyundai” şäheriçi awtobuslaryň 400 sanysyny satyn alar
Täze satyn alynjak Ýewro 4 ekologiýa standartyna gabat gelýän köpçülikleýin transport serişdeleri şäheriçi gatnawlar üçin ulanylar.

Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” awtoulag öndürijisiniň “Hyundai AII New Super Aero City” kysymly awtobuslaryny satyn alar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ilata edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligine 400 sany “Hyundai AII New Super Aero City” kysymly şäher içi awtobusy hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” korporasiýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýurtda şäheriçi we şäherara ugurlarynda giňden peýdalanylan awtobuslaryň ýüzlerçesi ozal hem getirilipdi. Täze satyn alynjak Ýewro 4 ekologiýa standartyna gabat gelýän köpçülikleýin transport serişdeleri şäheriçi gatnawlar üçin ulanylar.

2022