Türkmenistan halkara wekilhanalaryň zenan ýolbaşçylaryny gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan halkara wekilhanalaryň zenan ýolbaşçylaryny gutlady
Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp 8-nji mart güni geçirilen konserte Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG zenan işgärleri gatnaşdy.

Daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň Türkmenistanda işleýän ähli zenan ýolbaşçylaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady.

Türkmenistanyň baş diplomaty Daşary işler ministrliginde sowgatlary gowşurdy hem-de wekilhanaň ýolbaşçylaryna berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we jogapkärçilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary öz gezeginde, gyzgyn gutlaglary hem-de özlerine bildirilýän uly üns üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdiler.

Şeýle-de Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda ýekşenbe güni geçirilen konserte Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) zenan işgärleri gatnaşdy.

Baýramçylyk çäresinde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Nataliýa German hem-de ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň başlygy Nataliýa Drozd çykyş edip, ähli zenanlary baýramçylyk mynasybetli gutladylar.

2022