BT Türkmenistanda iň köp peýdalanylýan 10 saýtyň arasynda

BIZNES TÜRKMENISTAN
BT Türkmenistanda iň köp peýdalanylýan 10 saýtyň arasynda
BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkasyny hem ulanyjylara gyzgyny bilen ýetirip durýar.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri çarşenbe güni “Alexa” reýting saýtynyň beren maglumatlaryna görä, Türkmenistanda iň köp peýdalanylan saýtlaryň ilkinji onlugyna girdi.

Dünýädäki saýtlaryň iň ygtybarly reýtingini düzýän “Alexa” bu sanawy taýýarlanynda sahypalara soňky üç aýda giren we gündelik ulanyjylaryň sanlaryna salgylanýar.

Türkmenistan boýunça sanawa görä, iň köp girilýän saýtlaryň üçlügini “Google.com”, “Yandex.ru” we “Mail.ru” düzýär.

2019-nji ýylyň 1-nji iýunynda doly güýjünde işläp başlan “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri Türkmenistanda hasaba alnan täjirçilik habarlary we maglumat hyzmatlarydyr. BT Türkmenistandaky we dünýäniň dürli künjegindäki okyjylara biznes maglumatlaryny, habarlary we analizleri rejeli ýagdaýda hem-de türkmen, iňlis we rus dillerinde ýetirip, ýola düşen kompaniýalary, täze döredilen kompaniýalary, maýa goýujylary, telekeçileri, importçylary, eksportçylary we sarp edijileri dürli ugurdaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär.

BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkasyny hem ulanyjylara gyzgyny bilen ýetirip durýar. Neşir Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tender bäsleşiklerini, şeýle-de türkmen telekeçilerini gyzyklandyryp biljek ýerli we halkara sergileri yzygiderli ýagdaýda çap edýär.

BT “Facebook”, “Twitter”, “LinkedIn”, “Vkontakte”, “Instagram” ýaly sosial torlar arkaly hem öz maglumatlaryny ýerli we halkara okyjylara gündelik ýetirip durýar. Şol bir wagtda hem BT applikasiýasy “Play Market”-de we “App Store”-de elýeterli edildi.

BT neşiri düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän “Google News” we Russiýada ýerleşýän “Yandex News” habar ulgamlary tarapyndan hem hasaba alyndy. Şeýle-de dünýäniň birnäçe ýurdunyň habar we maglumat agentlikleri BT-e yzygiderli salgylanýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022