Türkmen Lideri ýurtda elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri ýurtda elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri ýurtda çap edilýän ähli gazetleri we žurnallary bir bitewi internet saýty we mobil goşundysy görnüşinde neşir etmek boýunça taslama taýýarlaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabr aýyna çenli sanly ulgama geçmegiň, aýratyn hem, bu babatda Hökümetiň işi üçin şertleri döretmek boýunça işleri tamamlamagyň möhletini kesgitledi.

Ýurt Baştutany çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Bahargül Abdyýewanyň we Baýramgeldi Öwezowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp barylýan işler barada maslahat etdi.

Türkmen Lideri çap edilýän neşirleri elektron we internet görnüşine geçirmegiň türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň biridigini, munuň olary häzirki zamanyň ölçegleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilendigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgama geçilmegine has möhüm ähmiýet berilmeginiň ýene-de bir sebäbine ünsi çekdi. Bu bolsa dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseli bilen baglydyr. Çünki islendik metbugat neşiri arkaly hem mikroblar geçip bilýär. Bu ýagdaýlaryň adamlaryň köp ýygnanan ýerinde ýüze çykyp bilmek howpunyň bardygy sebäpli, uzak aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna mümkin boldugyça tiz geçilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.

Şeýle-de türkmen Lideri gysga wagtyň içinde “Elektron Hökümet” ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy we bu babatda teklipleri bermegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan ýurtda çap edilýän ähli gazetleri we žurnallary bir bitewi internet saýty hem-de mobil goşundysy görnüşinde neşir etmek, neşirleriň her biri boýunça aýratyn elektron gaznanyň bolmagyny üpjün etmek, okyjylaryň öz islegine görä, olara ýazylmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, taslama taýýarlanylýar.

2022