Donald Tramp Türkmenistany Nowruz baýramy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Donald Tramp Türkmenistany Nowruz baýramy bilen gutlady
ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp hatyny “Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!” diýip, türkmen dilinde jemledi. (Surat: AFP)

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Amerikanyň halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň halkyny Nowruz baýramy bilen gutlady.

“Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda oňyn hyzmatdaşlyk üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Siziň ýurduňyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini goldaýaryn” diýip, ABŞ-niň Baştutany gutlag hatynda ýazdy.

Şeýle-de Donald Tramp döwletleriň, işewür toparlaryň hem-de halklaryň arasynda gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

ABŞ-niň Prezidenti hatyny “Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!” diýip, türkmen dilinde jemledi.