Türkmen we belarus diplomatlary koronawirusyň öňüni alyş çärelerini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we belarus diplomatlary koronawirusyň öňüni alyş çärelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi duşuşyk geçirdi. (Surat: Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew anna güni Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti, şol sanda Türkmenistanda we Belarus Respublikasynda koronawirus (COVID-19) ýokanç keseliniň ýaýramazlygyna garşy görülýän çäreler, şeýle-de daşary ýurtlardaky raýatlaryň bähbitlerini goramak barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar, şeýle hem, Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini hem-de dünýäde epidemiologiki ýagdaýyň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmekde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatyna görä, Belarusda 86 sany raýatda koronawirus ýokanç keseli ýüze çykaryldy. Türkmenistanda şunuň bilen baglanyşykly hiç hili ýagdaý ýüze çykarylmady.

2022