Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda kanun we onuň hukuk ähmiýeti
Bu Kanun jemi 58 sany maddadan ybarat bolup, elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Kanun çap edilen (Türkmenistan Gazetiniň 26.03.2020-nji ýylda №76-77 sanynda çap edilen) gününden güýje girýär we 19.12.2000-nji ýylda kabul edilen “Elektron resminama hakynda” Türkmenistanyň kanuny öz güýjüni ýitirýär.
Elektron resminama hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” kanunyndan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Türkmenistanyň “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” kanunynyň hereket edýän çygry
Kanunyň hereketi elektron resminamalar döredilende, işlenip taýýarlanylanda, iberilende, berlende, alnanda, saklanylanda, peýdalanylanda, goralanda, täzelenende, gözlenende, ýygnalanda, ýaýradylanda, gabalanda we ýok edilende hem-de sanly hyzmatlar bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.
Şu Kanun döwlete dahylly we dahylsyz maglumat ulgamlarynda elektron maglumat ulgamlarynda elektron maglumat dolanşygyny hem-de amala aşyrylýan sanly hyzmatlary düzgünleşdirýär.
Şu Kanunyň hereketi döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna, gaýry ýuridik we fiziki şahslara degişlidir.
Elektron resminamanyň gurluşy
- Elektron resminama aýrylmaz iki bölekden – umumy we aýratyn böleklerden ybaratdyr.
- Elektron resminamanyň umumy bölegi resminamanyň mazmunyny düzýän maglumatdan ybaratdyr. Adresat hakyndaky maglumat umumy bölege degişlidir.
- Elektron resminamanyň aýratyn bölegi bir ýa-da birnäçe gollardan ybaratdyr.
Elektron resminama bildirilýän esasy taraplar
1. Elektron resminama:
- şu Kanun we bu ugurdaky kanunçylyk namalary esasynda düzülen elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyklar bilen bellenilen talaplara laýyk gelmelidir;
- şu kanunyň 6-njy maddasynda göz öňüne tutulan görnüşde (elektron resminamanyň gurluşyna laýyklykda) we ony anyklamaga mümkinçilik berýän rekwizitli bolmalydyr;
- elektron resminamanyň düzüjisini anyklamaga mümkinçilik berýän usulda we görnüşde döredilmelidir we peýdalanylmalydyr;
- adamyň kabul etmegi üçin düşnükli görnüşde berilmelidir (şekillendirilmelidir);
- ondan birnäçe gezek peýdalanmak üçin elýeterli bolmalydyr;
- bitewüligi üpjün edilen bolmalydyr (elektron resminamanyň ýeke-täkligi, hakykylygy);
- saklanyş möhletiniň dowamynda goragly bolmalydyr.
2. Elektron resminama hakyky diýlip hasap edilýär, eger:
- resminama, hakykatdan-da, onuň awtory diýlip hasap edilýän şahs tarapyndan döredilse;
- elektron resminama görnüşinde taýýarlanylan pursadyndan bäri resminama üýtgetmeler girizilmedik bolsa, resminamany görkezmegiň, saklamagyň we ondan peýdalanmagyň barşynda bolup geçýän üýtgetmeler muňa degişli däldir.
3. Elektron resminamanyň bitewüligini anyklamak gol çekýän şahsyň elektron sanly goluny barlamak arkaly amala aşyrylýar.
BT Hukuk bölümi