BMGÖM bilen Döwlet gullugy akademiýasy bilelikdäki magistr okuwyny taýýarladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMGÖM bilen Döwlet gullugy akademiýasy bilelikdäki magistr okuwyny taýýarladylar
Magistr maksatnamasynyň synag görnüşi şu ýylyň 24-nji martynda ýola goýlup, oňa Türkmenistanyň ministrliklerinden we pudak edaralaryndan 20 hünärmen gatnaşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde “Sanly dolandyryş” boýunça magistr maksatnamasyny işläp düzdi. Bu barada BMGÖM habar berýär.

Täze magistr maksatnamasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek” atly BMGÖM-iň we akademiýanyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde düzüldi.

“Maksatnamanyň esasy maksatlarynyň biri diňleýjileri, döwrebap innowasion dolandyryjyny işinde goldamakda we ony gurnamakda maglumat tehnologiýalaryna we ulgamlara uýgunlaşmaga hem-de olary ulanmaga taýýarlamakdyr” diýip, akademiýanyň uly mugallymy Babahan Berdiýew belledi.

Magistr maksatnamasy 10 dersi öz içine alýar:

  • Dolandyryş işinde maglumat tehnologiýalary;
  • Ykdysadyýetde maglumat ulgamlary;
  • Maglumat howpsuzlygynyň esaslary we maglumat çeşmeleri;
  • Ýagdaý seljeriş we dolandyryş çözgütlerini modelirlemek;
  • Elektron hökümetiň tehnologiýalary;
  • Maglumatlaryň intellektual seljerilişi;
  • Maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyryşy;
  • Özgertmeleriň dolandyrylyşy;
  • Döwlet maliýe serişdeleriniň we bank pudagynyň dolandyrylyşy;
  • Sanly dolandyryşyň hukuk normatiw-hukuk esaslary.

Magistr maksatnamasynyň synag görnüşi şu ýylyň 24-nji martynda ýola goýlup, oňa Türkmenistanyň ministrliklerinden we pudak edaralaryndan 20 hünärmen gatnaşýar.