“Bagdan” gury iýmiş önümleriniň üstüni lukumlar bilen ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bagdan” gury iýmiş önümleriniň üstüni lukumlar bilen ýetirdi
“Bagdan” lukumlaryň 20 görnüşini, gury iýmişleriň 41 görnüşini ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän 10 sany dükanyň üsti bilen alyjylara ýetirýär.

Türkmenistanda gury iýmişleriň satuwy bilen adygan “Bagdan” iýmit önümçilik kärhanasy şu ýyl dürli görnüşli lukum önümçiligini ýola goýdy. Şol bir wagtda hem kärhananyň çips we maňyz sehleri hereket edip, olarda “Bagdan” haryt nyşanly pisse-maňyz we çipsler gaplanýar.

“Miweli, maňyzly we şokoladly lukumlaryň 20 görnüşini ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän 10 sany dükanymyzyň üsti bilen alyjylara ýetirýäris” diýip, kärhananyň eksport menejeri Şatlyk Gurdow "Biznes Türkmenistan" internet neşirine habar berdi. “Bulardan öň bolsa, kärhana önümleriň 41 görnüşini sarp edijilere hödürläp gelýärdi”.

“Iş ugurlaryny köpeltmegi maksat edinýän “Bagdan” Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän senagat zolagynda konditer önümlerini öndürmegi göz öňünde tutýarys” diýip, Gurdow geljekdäki meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Gurdow önümçiligiň gerimini giňeltmek üçin kärhana üç gektar ýer uzakmöhletleýin kärendä berlendigini aýdyp, ol ýerde gurluşyk işleriniň başlandygyny belledi.

“Bagdan” haryt nyşanly gaplarda satylýan guradylan miwedir maňyzlary beýleki dükanlarda hem satyn almak mümkindir. Işewür bilen dükanyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda dükanlar “Bagdan” adyny we önümini ulanyp bilýär.

Telekeçi Azat Durdyýewe degişli bolan “Bagdan” iýmit önümleri kärhanasy 2017-nji ýylda gury iýmişleri bilen bazara girdi.

2022