TSTB-niň ýolbaşçysy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň ýolbaşçysy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden çekildi
TSTB-niň müdiriýetiniň çarşenbe güni geçiren mejlisinde Aleksandr Dadaýewiň pensiýa çykmagy sebäpli Birleşmäniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) müdiriýetiniň çarşenbe güni geçiren mejlisinde Aleksandr Dadaýewiň pensiýa çykmagy sebäpli Birleşmäniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyryldy.

TSTB-niň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Birleşmäniň başlygynyň orunbasary Döwran Hudaýberdiýewiň üstüne ýüklendi.

Şeýle-de, mejlisiň dowamynda Türkmenistanda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda birleşme 24 müňden gowrak ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öz işini alyp barýan türkmen telekeçilerini özünde jemleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022