Türkmen we ukrain baş diplomatlary Prezidentleriň duşuşygyny guramagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we ukrain baş diplomatlary Prezidentleriň duşuşygyny guramagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kuleba bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasy edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtalyp, taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-ukrain hökümetara toparynyň ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup durýandygy hakynda bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kärdeşler iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň mundan beýläk hem dowam etdirilmegi barada ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022