“Biçüw” döwrebap tikinçiligi millilik bilen sazlaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biçüw” döwrebap tikinçiligi millilik bilen sazlaşdyrýar
“Biçüw” hojalyk jemgyýetiniň tikýän eşiginiň ülňüsini müşderiniň özi salgy berýär.

Kyrk ýyllyk tikinçilik tejribesi bolan işewür Nurmämmet Nurmämmedow tarapyndan esaslandyrylan “Biçüw” hojalyk jemgyýeti erkekler üçin niýetlenen “Nurland” haryt nyşanly egin-eşikleri tikip taýýarlaýar.

Häzirki wagtda kärhananyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän sehinde ezber elli tikinçileriň 50-den gowragy zähmet çekýär.

Hojalyk jemgyýetiniň menejeri Bägül Garajaýewanyň aýtmagyna görä, bu ýerde köp halatlarda buýurmalar esasynda eşikler tikilýär. “Köplenç ýagdaýda tikdirýän eşiginiň ülňüsini müşderiniň özi salgy berýär” diýip, Garajaýewa sözüniň üstüni ýetirdi.

“Tikin işinde, onda-da ol egin-eşik babatda bolanda, şol bir biçüwi ulanyp ýörüp bolmaýar. Döwrüň talabyna, adamlaryň islegine görä işlemeli bolýar” diýip, Garajaýewa işiniň barşy barada aýtdy. “Biz penjekdir balaklar, köýnekler bilen birlikde buýurmalar esasynda donlary, ýeňsizleri hem tikip taýýarlaýarys”.

“Biçüw” hojalyk jemgyýeti öz hünärini yzygiderli kämilleşdirip, täze ülňüleriň üstünde işleýär. Kärhana tikinçilikde milliligiň döwrebap biçüwler bilen sazlaşmagyna hem uly üns berýär.

2022