Türkmenistanyň orta mekdeplerine döwrebap üýtgeşmeler giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň orta mekdeplerine döwrebap üýtgeşmeler giriziler
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň halkara talaplara laýyk gelýän täze döwlet bilim standartlaryny taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Pürli Agamyradowyň hem-de Bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazowyň gatnaşmagynda çarşenbe güni geçiren iş maslahatynda ýurduň bilim edaralaryndaky alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Iş maslahatynda ýurt Baştutany häzirki döwürde Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryna we sanly ykdysadyýete geçmek meselesine aýratyn üns berilýändigini nazara alyp, bu ugurdan hünärmenleriň taýýarlanmalydygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow okgunly ösýän tehnologiýalary hasaba almak bilen, bilim edaralarynda täze hünärleriň yzygiderli girizilmeginiň wajypdygyny belledi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, täze gurulýan orta mekdepleriň ýanynda degişli çagalar baglaryny mekdep bilen birleşdirip, okuw toplumlaryna öwürmek, bu toplumlara degişli çagalar baglarynda okuwçylary taýýarlamak zerurdyr.

Şeýle hem çagalaryň we ýaşlaryň täze tehnologiýalardan gowy baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly ýöriteleşdirilen mekdepleri açmagyň wajypdygy bellenildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygyny aýdyp, ýurt Baştutany orta mekdepleriň 7–14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň “Altyn nesil” atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Mekdep okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesi öwrenilmelidir.

“Okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalar altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanylsa, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident okuwçy haky gowşurylsa, çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezleri döredilse, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam ederdi” diýip, türkmen Lideri belledi.

Şeýle-de döwlet Baştutany häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň halkara talaplara laýyk gelýän täze döwlet bilim standartlaryny taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

2022