Iş maslahatynda koronawirus ýokanjynyň ýaramaz täsirine garşy göreşmek meselesine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iş maslahatynda koronawirus ýokanjynyň ýaramaz täsirine garşy göreşmek meselesine seredildi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Pürli Agamyradowyň hem-de Bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we bu keseliň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany bu howply keseliň Türkmenistanyň çägine mundan beýläk hem ýokuşmaz ýaly degişli işleriň öz wagtynda geçirilendigini belledi.

Şeýle-de ýurt Baştutany bu çylşyrymly ýagdaýyň dünýäde dowam edýändigini nazara alyp, mundan beýläk hem onuň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutany dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, degişli düzümlerde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin wise-premýer Agamyradowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, ýurtda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri barada hasabat berdi.

Ýurt Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy anyk we toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň halkyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu maksat bilen ýurduň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlary döredilmelidir diýip, türkmen Lideri belledi. Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, bu işler, ilki bilen, çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden başlansa, maksadalaýyk bolar.

2022