Türkmen alymlary broýler towugynyň dersinden ýokumly mineral aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlary broýler towugynyň dersinden ýokumly mineral aldylar
Organomineral dökünini almak üçin çig mal hökmünde broýler towugynyň dersi ulanyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary towuk dersini gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa organomineral dökünini almagy başardylar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, organomineral dökünini almak üçin çig mal hökmünde broýler towugynyň dersi ulanyldy.

Organomineral dökünini almak prosesinde towuk dersiniň 850-900 gradus temperaturada ýakylyp alnan külüniň düzümini barlamak üçin ýörite spektrometr enjamlary ulanyldy.

“Barlaglaryň netijesinde towuk dersinde organiki maddalary, azot, fosfor, kaliý ýaly möhüm elementleri saklaýandygy ýüze çykaryldy” diýip, alymlar aýtdy.

Alymlaryň belleýşi ýaly, alnan dökün organomineral dökünlere bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Ol öz düzüminde ösümlikler üçin ýaramly bolan organiki maddany, azoty, fosfory, kalini we beýleki köpsanly makro we mikro elementleri saklaýar.

Guşçulyk fermalarynda emele gelýän galyndylary gaýtadan işläp, galyndysyz tehnologiýanyň esasynda ekologiýa taýdan arassa, ykdysady taýdan amatly, topragy gurplandyryjy organomineral dökünini alyp bolýandygy subut edildi.

2022