Türkmen telekeçisi ýag alynýan ösümlikleri ýetişdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi ýag alynýan ösümlikleri ýetişdirýär
Her gektardan 3-4 tonna çenli raps dänesi alnyp, onuň 40-45%-den ýag öndürilýär.

Telekeçi Muhammet Ýemşikow Ahal welaýatynyň çäginde kärendä alan ýerlerinde dürli görnüşli ösümlikleri ekmäge başlady.

Hususy kärendeçi welaýatyň Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän 10 gektardan gowrak ýerinde raps ösümligini ýetişdirmäge başlady. Telekeçi şol bir wagtda, Ak bugdaý etrabynda 50 gektara golaý ýerde bu ösümligi ekdi.

Işewüriň aýtmagyna görä, her gektardan 3-4 tonna çenli däne alnyp, onuň 40-45%-den ýag öndürilýär. Ýygnalan hasyly telekeçi Türkmenistanyň ýag öndürýän kärhanalaryna tabşyrýar.

“Iki üç ýylyň dowamynda rapsyň tohumyny öwrenip, ony köpeltdik. Ekmek, ýygmak işleriniň ählisi mehanizmleşdirilendir” diýip, telekeçi işleriň barşy barada gürrüň berdi. “Bu ösümlik sowuga-da, yssa-da, suwsyzlyga-da çydamlydyr. Ýöne rapsy ikinji gezek ekmek üçin 2-3 ýyl garaşmaly bolýar. Oňa derek boşan ýere başga ekin ekilen ýagdaýynda onuň hasyly iki esse artar”.

Kärendeçi, şeýle-de dört gektar ýerine senna dermanlyk otuny ösdürip ýetişdirýär. Senanyň ýapragy bilen “Türkmendermansenagat” birleşigini üpjün edýär. Birleşik ýapragy gaýtadan işläp, ilata ýetirýär.

45 gektara golaý ýerde Fransiýanyň günebakar tohumyny eken telekeçi her gektardan 2-3 tonna hasyla garaşýar. Ýygnalan hasylyň 40%-den ýag almak bolýar.