Aşgabatda aprel aýynda birnäçe halkara edaralary bilen wideomaslahat arkaly hyzmatdaşlyklar boýunça gepleşikler geçirmek meýilleşdirilýär.
BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) bilen bilelikde ýurduň degişli edaralarynda ornaşdyrylýan “ASYCUDA World” ulgamy arkaly Türkmenistanyň ähli gümrük nokatlarynda “Bir penjire” toruny ýola goýmak boýunça 22-nji aprelde wideoaragatnaşyk arkaly köptaraplaýyn maslahatlaşmalary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) bilen bilelikde awtomobil ulaglarynyň hem-de Türkmenistana girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek meseleleri boýunça wideomaslahaty 23-nji aprelde gurnamak meýilleşdirilýär.
Şu aýda halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparyň mejlisiniň hem geçirilmegine garaşylýar.
Şeýle-de ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.