Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrlik maksatnamasy onlaýn düzgüne geçýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrlik maksatnamasy onlaýn düzgüne geçýär
Gysga möhletli okuwlar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hünärmenleri üçin niýetlenendir. (Surat:BMGÖM)

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde işlenip düzülen “Sanly dolandyryş” atly magistrlik maksatnamasynyň gysga möhletli okuwlaryny bütin dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglylykda onlaýn düzgüne geçirdi. Bu barada anna güni BMGÖM habar berdi.

Habar berlişi ýaly, gysga möhletli okuwlar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hünärmenleri üçin niýetlenendir. Okuwa Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň mugallymlar topary hem çekilendir.

“Okuw “Moodle” sanly görnüşdäki okuw serişdelerini ulanmak arkaly ýörite enjamlaşdyrylan kompýuter otagynda geçirilýär, bu diňleýjilerimiz üçin sapaklary netijeli we ýokary hil derejesinde geçirmäge amatly mümkinçilikleri döretdi. Sapaklar sanly wideoaragatnaşyk boýunça belorus kärdeşlerimiz bilen bilelikde milli tälimçiler-maslahat berijiler tarapyndan geçirilýär. Şunlukda, bize halkara uçuşlaryň wagtlaýyn kynçylyklary bilen bagly okuw sagatlary boýunça ýitgileriň öňüni almak başartdy” diýip, Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň halkara maksatnamalarynyň milli utgaşdyryjysy Babahan Berdiýew gürrüň berdi.

Magistrlik okuwa gatnaşyjylar sanlaşdyrma syýasatynyň kanunçylyk taýdan düzgünleşdirilmeginiň wajypdygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hereketler üçin hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen 2020-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisi “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny kabul etdi. Şundan ugur alyp, okuwlara sanly dolandyryşyň kadalaşdyryjy-hukuk esaslary bilen bagly ders girizildi.

“Sanly dolandyryş” magistrlik maksatnamasynyň okuwy Akademiýanyň we BMGÖM-iň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam etmek” bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynda işlenip düzüldi we girizildi. 

2022