“Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gözegçilik-geçiriş ýerlerinde güýçlendirilen gözegçilik boýunça 221-nji maddasy girizildi.
Maddanyň birinji bölegine laýyklykda, ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşleri göz öňünde tutulyp, gözegçilik – geçiriş ýerlerinde awtoulaglary zyýansyzlandyryş geçelgeleri, awtomobil we demirýol ulaglaryny zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa maksatly desgalar gurulýar, enjamlaşdyrylýar we olarda degişli zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.
Şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşlerinde getirilýän karantin astyndaky ösümlik we ösümliklerden alnan önümlerde geçirilýän ilkinji barlaglaryň netijesine laýyklykda mör-möjeklere garşy zyýansyzlandyryş – fumigasiýa işleri bellenen tertipde geçirilýär.
Gürrüňi edilýän maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan işler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
Gerekli çäreleri amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen güni bolan 21-nji aprelden başlap herekete girizilýär.