Mary şäheriniň söwda nokatlaryna her hepde “Ferhar” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda ösdürilip ýetişdirilen bananlaryň 500 kilogramy iberilýär.
Häzirki günde hasyl ýygyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Gül açyp oturan tropik ösümlikler hasylyň yzygiderli ýygyljakdygyny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde hem, güýzki ekiş üçin taýýarlyk görülýär.
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän ýyladyşhananyň tutýan meýdany bir gektar bolup, ol eýýäm iki ýyl bäri ekzotiki hasyly berip gelýär. Hususy ekerançylar banany ösdürip ýetişdirmegiň inçeliklerini we tehnologiýasyny üstünlikli özleşdirdiler.
Banan ösümligi ýyladyşhananyň dokuz metr beýiklikde bolmagyny kesgitledi. Ýyladyşhanada ilkibaşda iki müň nahal oturdylyp, olaryň 1800 sanysy uýgunlaşdy. Ýurduň toprak we howa şertlerinde oturdylan ekinleriň 90 göterimi doly hasyl berdi.