“Merveks” Türkiýeden Gypjak stansiýasyna ýük daşamak hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merveks” Türkiýeden Gypjak stansiýasyna ýük daşamak hyzmatyny hödürleýär
Gümrük işleriniň tamamlanmagy bilen ýola düşýän 20 futluk we 40 futluk konteýnerler ortaça 14-18 günüň dowamynda Gypjak stansiýasyna eltilýär.

Demir ýol logistikasynda ýöriteleşen we döwrüň talaplaryna görä ýükleriň daşalmagynda ygtybarly çözgütleri hödürleýän “Merveks” türk kompaniýasy Türkiýäniň islendik nokadyndan ýükleri alyp, gysga wagtda Türkmenistanyň Gypjak stansiýasyna çenli getirip berýär. Ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesi bilen hyzmat edýän kompaniýanyň wekilleri soňky aýlarda ýük daşamalarynyň birnäçe esse artandygyny hem belleýärler.

Kompaniýa müşderileriň ýüklerini öz ammarynda toplamak we olaryň isleglerine görä konteýnerlere ýerleşdirmek hyzmatyny hem ýola goýdy. Gümrük işleriniň tamamlanmagy bilen ýola düşýän 20 futluk we 40 futluk konteýnerler ortaça 14-18 günüň dowamynda Gypjak stansiýasyna eltilýär.

Mundan başga-da, “Merveks” kompaniýasy logistika bilen ugurdaş birnäçe söwda işlerini hem alyp barýar. Olaryň hatarynda ýokary standartly hil derejesine gabat gelýän azyk önümleri we şokoladyň çig maly hem bardyr. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa “Lemas Food” önümleriniň Türkmenistandaky we Özbegistandaky resmi dileri bolup durýar.

Şonuň bilen birlikde, köpugurly iş alyp barýan kompaniýa önümçilik kärhanalary üçin zerur bolan enjamlary satyn almak boýunça maslahatlary hem berýär. Desgalar ulanyşa girizilýänçä ähli tehniki goldawlary berýän “Merveks” enjamlary saýlamaga hem ýardam edýär.

“Merveks” birnäçe daşary ýurtly kompaniýalaryň önümleriniň hem resmi dileridir. Kompaniýa nano örtük tilsimatlaryny öndürýän “Nano Z Coating” Ysraýyl kompaniýasynyň Türkiýedäki ýeketäk resmi wekilidir.