Lebap welaýatynyň çäklerinden hususy pudagyň bäş wekiline sowadyjy desgalary gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berildi.
Welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde häzirki güne çenli “Awtotrans” hususy kärhanasy hem-de telekeçi Wepa Jumabaýew azyklyk önümler üçin ýöriteleşdirilen ammarlaryny gurdular. Sowadyjy ammarlar ýeralma, pomidor, hyýar, kelem, sogan we gök-bakja önümlerini terligine saklamak we ilata ýetirmek üçin peýdalanylar.
Şeýle-de Türkmenistanyň gündogar welaýatynda “Miwe” önümçilik birleşiginiň iki sany sowadyjy desgasy hereket edýär. Bu ýerde daýhan birleşiklerinden we hususy öndürijilerden alynýan azyk harytlary saklanýar.
Eksport harytlarynyň ornuny tutýan oba-hojalyk önümlerini ýetişdirmäge işjeň gatnaşýan Lebabyň hususy ekerançylary onlarça ýyladyşhanadan hasyl alýarlar. Häzirki wagtda bolsa, welaýatyň çäginde 22 sany ýyladyşhana toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär.