Sişenbe güni BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň hökümeti tegelek stol geçirdi. Onuň dowamynda BMGÖM-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň resminamasynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşyldy.
BMGÖM-niň Aşgabatdaky binasynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň, BMG-niň we onuň düzümleriniň, hususy ulgamyň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
BMGÖM-niň sişenbe günündäki metbugat beýanatyna laýyklykda, BMGÖM-niň hemişelik wekili Natia Naswlişwili, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjy Ýelena Panowa we Daşary işler ministrliginiň wekili Magtymguly Akmyradow gatnaşyjylary garşy alyp, BMGÖM-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bilelikde ygrarlydygyny tassykladylar.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar BMGÖM-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin täze Ýurt maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Maksatnamanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendigi, Türkmenistanyň hökümetiniň we BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 14-nji martda gol çekilen çarçuwaly maksatnamasyndan gelip çykýandygy bellenildi.
BMGÖM-niň beýan etmegine görä, Ýurt maksatnamasy ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, hususan-da şu aşakdakylaryň ýerine ýetilmegine gönükdirilendir:
- kanunyň hökmürowanlygyny we adam hukuklarynyň goragyny has hem berkitmek;
- ykdysady diwersifikasiýany güýçlendirmek we hususy pudagy höweslendirmek;
- adamlaryň saglygyny we durmuşa derejesini has-da artdyrmak;
- howanyň üýtgemeginiň netijelerini peseltmäge, olara uýgunlaşmaga, suw, ýer we tebigy serişdeleriň durnukly dolandyrylmagyna ýardam etmek arkaly ýurduň howa we tebigy betbagtçylyklaryň howpyna durnuklylygyny ýokarlandyrmak.
BMGÖM-niň hemişelik wekili Naswlişwiliniň belleýişi ýaly, BMGÖM Türkmenistanyň hökümeti bilen öňden bäri netijeli hyzmatdaşlygy saklaýar. “Häzirki hyzmatdaşlygymyzyň çäklerinde bilelikde gazanan üstünliklerimiz hyzmatdaşlygymyzyň geljekki bäş ýylda ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Olarda biz Durnukly ösüşiň maksatlaryny goldamaga, BMG-niň hyzmatdaşlygynyň netijelerine aýratyn üns bereris”.
Tegelek stola gatnaşyjylar resminamany mundan beýläk-de işläp düzmek boýunça gymmatly tekliplerini beýan etdiler. BMGÖM-niň Ýurt maksatnamasy hakynda resminamanyň Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde gutarnykly işlenip, BMGÖM-niň ýerine ýetiriji geňeşine tassyklatmak üçin hödürlenmegine garaşylýar.