Aşgabat bilen Dublin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Dublin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seretdiler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministri Saýmon Kowniniň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Ministrler syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine seredilip, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, pandemiýanyň garşysyna gönükdirilen göreşde ýurtlaryň arasyndaky raýdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Dünýädäki ykdysady ýagdaýlar barada gürrüň etmek bilen, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle-de ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy hem bellenilip geçildi.

Diplomatlar ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhüm guraly bolup durýandygyny bellediler. Şeýle-de halkara meýdançalarynda, hususan-da BMG-niň düzüm birliklerindäki işlerde iki ýurduň başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşlikde syýasy geňeşmeleriň öz wagtynda geçirilmeginiň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleriň alyşylmagyna oňyn mümkinçilik berýändigi hem aýratyn bellenilip geçildi.

2022