Türkmen we amerikan diplomatlary pandemiýa garşy bilelikdäki tagallalary nygtadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we amerikan diplomatlary pandemiýa garşy bilelikdäki tagallalary nygtadylar
ABŞ-niň Döwlet departamenti

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň özara hereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Söhbetdeşlikde häzirki ýagdaýlarda özara goldaw bermegiň oňyn mysallaryna aýratyn üns çekmek bilen, taraplar koronawirus pandemiýasynyň garşysyna göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini nygtadylar.

Şonuň ýaly-da söhbetdeşler özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara häsiýetli birnäçe meselelere seredip geçdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022