Goşulyşmazlyk hereketiniň agzalary COVID-19 garşy göreşmek boýunça deklarasiýa kabul etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Goşulyşmazlyk hereketiniň agzalary COVID-19 garşy göreşmek boýunça deklarasiýa kabul etdiler
Onlaýn sammitde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. (Surat: Trend)

Duşenbe güni Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýokary derejedäki duşuşygy geçirildi.

Onlaýn sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Goşulyşmazlyk hereketiniň onlaýn sammiti Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýewiň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa 40-dan gowrak döwletiň Baştutanlary we premýer-ministrleri, şol sanda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň başlygy Tidjani Muhammad-Bande, BSGG-niň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus, Afrika bileleşiginiň komissiýasynyň başlygy Musa Faki Mahamat we Ýewrokomissiýanyň başlygynyň orunbasary Žosep Borrel gatnaşdylar.

Onlaýn sammitiň netijesinde COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek boýunça deklarasiýa kabul edildi.

120 döwleti öz içine alýan Goşulyşmazlyk hereketi 1961-nji ýylyň sentýabrynda döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022