Daşoguzda iki sany sowadyjy ammar peýda bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda iki sany sowadyjy ammar peýda bolar
Täze sowadyjy ammarlar ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün ediler.

Daşoguz welaýatynda hususy pudagyň wekilleri dürli kuwwatlykdaky iki sany sowadyjy ammarlary gurarlar. Olar gök we miwe önümlerini saklamaga niýetlenendir.

Kuwwaty 350 tonna önümi saklamaga ukyply bolan birinji sowadyjy desga telekeçi Sarybaý Hanbaýew tarapyndan welaýatyň Ruhubelent etrabynda bina ediler. Ammary gurmak üçin oňa 1.6 gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda desgany aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.

Ikinji ammar “Işgär” hojalyk jemgyýeti tarapyndan welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda gurlar. Ýöriteleşdirilen toplum üç gektar meýdany eýeläp, ol 8000 tonna gök-miwe önümleri bir wagtyň özünde saklamaga mümkinçilik berer.

Täze sowadyjy ammarlar ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün ediler.

Şu ýylyň aprel aýynda Lebap welaýatynda sowadyjy ammarlary gurmak üçin hususy pudagyň bäş wekiline ýer bölünip berildi.