Türkmenistan saglyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan saglyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifinge dünýäniň 20 ýurdundan 60-a golaý wekil gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni “Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy” atly tema boýunça geçirilen brifingde COVID-19 keseli bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurduň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýerli we Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Şeýle hem çärä sanly wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýlelik bilen brifinge dünýäniň 20 ýurdundan 60-a golaý wekil gatnaşdy.

Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary babatda maslahatlaşdylar.

Brifingiň barşynda çökgünli ýagdaýlaryň derwaýys çözülmegi boýunça global guralyň kesgitlenilmegi dogrusynda hem pikir alyşyldy. Çärä gatnaşyjylar durnukly ösüş hereketleriniň binýadynda ähli adamlaryň saglygynyň goraglylygynyň durýandygy baradaky pikire geldiler.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň takyk hem-de sazlaşykly syýasatynyň netijesinde ýurda COVID-19 keseliniň öz çäginde ýaýramagynyň öňüni almak başartdy.

2022